«App­le» sü­rü­jisiz aw­tou­lag ön­dü­rer

14 Noýabr 2021
1131

Ame­ri­ka­nyň «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy «Tes­la»-nyň sü­rü­ji­siz aw­tou­lag dö­ret­mek bo­ýun­ça to­pa­ry­nyň öň­ki ýol­baş­çy­sy Kris­to­fer Mu­ry işe ka­bul et­di. Mur 2019-njy ýy­la çen­li «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­syn­da iş­län Stýuart Bauer­siň ýol­baş­çy­ly­gyn­da eme­li akyl teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ulan­mak ar­ka­ly aw­tou­la­gyň öz-özü­ni do­lan­dyr­ýan prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň üs­tün­de iş­lär. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, kom­pa­ni­ýa 2024-nji ýyl­da öz sü­rü­ji­siz aw­tou­la­gy­ny ön­dü­rip baş­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

Mag­lu­mat üçin, 1976-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy «iP­ho­ne» smart­fon­la­ry­, «iPad» plan­şet­le­ri­, «iMac» komp­ýu­ter­le­ri­, «MacBo­ok» nout­buk­la­ry, «iPod» aý­dym-saz ple­ýer­le­ri we beý­le­ki ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­la­ry ön­dür­ýär.

Hemra KAKAJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar