Tejribeli ussa

17 Noýabr 2021
2056

Ýer bilen iş salyşmak üçin ilki bilen pil, kätmen, dyrmyk ýaly oba hojalyk gurallaryna daýanylýar. Bu gurallary obada belli ussalar ýasap, ýer bilen işleşýän daýhanlara ýardamçy bolýarlar.

Işine ezber, tejribeli ussalaryň biri hem Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginiň ýaşaýjysy Hoşgeldi Mämmedowdyr. Hoşgeldi aganyň ýasan oba hojalyk gurallaryna öz obalaryndan, goňşy obalardan isleg bildirýänler örän köp. Munuň hem sebäbi tejribeli ussa her bir edýän işine yhlasly ýapyşyp, gurallary eliňe alaňda oňaýlylygyna, şeýle hem işlenende göwnejaý bolmagyna aýratyn üns berýär. H. Mämmedow öz alyp barýan işini agtyklaryna hem öwredýär. Ol ýerine ýetirýän işiniň, çekýän zähmetiniň miwesini ýasan gurallaryny alýan oba adamlarynyň hoşallygynda görýär.

Beýleki habarlar