Pisse tokaýlygy

15 Noýabr 2021
1259

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe umumadamzat gymmatlygynyň aýrylmaz bölegine öwrülen tebigy ýadygärlikleri geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga gönükdirilen uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň tebigy ýadygärlikleriniň biri-de pisse tokaýlygydyr. Pisse örän gadymy, gymmatly ösümlikleriň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda bu ösümligiň Ýer ýüzünde, takmynan, 20 görnüşiniň bardygy bellidir. Türkmenistanda bu täsin daragtyň diňe 2 görnüşi ösýär. Tebigatyň baýlygy hasap edilýän bu agajyň Bathyzda täsin tokaýlyklary bar. Şonuň üçin alymlar bu hakda edebiýatlarda ýazanlarynda ony «Bathyz sawannasy» diýip hem atlandyrýarlar. Pisse tokaýlyklary güýz paslynda has owadandyr. Güýzde onuň mämişi-gyzgylt öwsüp duran ýapraklary we miweleri agaja diýseň görk berýär.

Tebigy pisse agaçlary Türkmenistanyň daglyk sebitlerinde, goraghanalaryň zolaklarynda köp ösýär. Pisse tokaýlygy Köýtendagda, Günbatar we Gündogar Köpetdagda gabat gelýär. Pisse şol ýerleriň dag eteklerinde we daglarda hem-de daşlaşan gaýalarda bitýär. Bathyzda bolsa bu ösümlik beýik bolmadyk baýyrlarda ösüp, giden bir tokaýlygy emele getirýär.

Ogulşeker GAÝYPOWA,
Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar