Ýasga kölüne barýan ýolda
Ýasga köli Balkanabat şäherinden on kilometr töweregi uzakda ýerleşýär. Täsin ýeri, onuň suwunyň içilýänligidir. «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlişi ýaly, ol köli gözüň bilen görüp, synlap gaýtmak has başgaça boljakdy. Garaşsyzlyk ýyllarynyň başlarynda Balkanabat şäheriniň ykdysady, medeni ösüşleri barasynda gepleşik taýýarlamak üçin teleoperatorymyz bilen ýola düşdük. Nesibämiz çekip, Ýasga kölüni görmek baradaky duýgularymyz bizi erkimize goýanokdy.