Hoşniýetli ýörelge

11 Noýabr 2021
1345

Türkmen halkynyň goňşular bilen gatnaşygynda gadymdan gelýän hoşniýetliligi, dostanalygy ýaly däp-dessurlarymyza siňip giden tejribesi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ruhy esaslary bolup durýar.

Türkmen halky dünýäde medeni taýdan hoşniýetli, dostana häsiýeti bilen asyrlarboýy uly abraýa eýe bolan halk hökmünde tanalyp gelýär. Şonuň üçin ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň öňden gelýän milli ýörelgeleriniň mynasyp ösdürilmegidir. Hut şonuň netijesinde ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen özara bähbitli syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri giň gerime eýe bolýar.

Beghan ANNASÄHEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar