Ýaýlasy ýaşyl bossanly

10 Noýabr 2021
1418

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bedew batly ösüşleri başdan geçirýän ak şäherimiz Aşgabadyň gözel güýzi al-elwan güllere hem-de ýaşyl bossanlyga, gür baglyga beslenýär. Daň säher bilen düşýän çygyň nemi bilen seýilgählerde, ýaşyl ýaýlaly meýdanlarda täsin gülleriň, baglaryň reňki durlanyp, tebigatyň özboluşly gözelligini artdyrýar. Hormatly Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň ekologiýa gurşawyny has-da gözelleşdirmek, baýlaşdyrmak babatdaky başlangyçlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem oturdylýan agaç nahallarynyň sany ýylsaýyn köpelýär. Ynha, golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Şol günki ählihalk bag ekmek dabarasy giň gerimli çäre bolup, ol ene topraga söýginiň alamaty hökmünde tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyryldy. Şol gün Aşgabat şäherinde we onuň eteklerinde 1 million 835 müň 740 agaç nahaly, welaýatlarda bolsa 2 million 413 müň agaç nahaly ekildi. Tutuş ýurdumyz boýunça şol gün 3 million 590 müň 740 agaç nahalyna ideg edildi.

Paýtagtymyzyň töwereklerinde ýüzlerçe gektar meýdany tutup oturan tokaý zolaklaryndaky arçalardyr tuýalary, sosnalary we beýleki dürli agaçlary synlanyňda, arassa howany bölüp çykarýan, tebigatyň jana ýakymly bolmagyna oňyn täsir edýän tokaýlary köpeltmek, ak şäherimizi ýaşyl ýaýlalara, gür baglara beslemek barada taýsyz tagallalary edýän hormatly Arkadagymyza kalbymyzda sagbolsunlarymyz joşa gelýär. Buýsanç bilen bellemeli zat, ýene-de sanlyja ýyldan paýtagtymyzyň töwereklerinde oturdylan agaçlar gür tokaýlygy emele getirip, ak şäherimiziň görküni, arassa howa gurşawyny has-da artdyrar.

Zulera ESENOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar