Ulag-üstaşyr ulgamyndaky üstünlikler

10 Noýabr 2021
1265

Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk taglymaty ata Watanymyzyň Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki abraý mertebesini has hem belende göterdi. Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesinden ugur alýan Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň dünýäniň abraýly guramalary we döwletleri bilen ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitleýär. Ata Watanymyz dünýädäki parahatçylyga, durnuklylyga gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli we maksada okgunly durmuşa geçirmek bilen, halkara derejede uly abraýa eýe boldy. Dünýä halklarynyň abadançylygyny ösüş, hoşniýetli hyzmatdaşlyk arkaly berkitmäge gönükdirilen syýasatyň türkmen nusgasy dünýä jemgyýetçiliginde görlüp-eşidilmedik waka öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz halkara jemgyýetçiligiň giň seslenmesine eýe bolan syýasy, durmuş-ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer häsiýetli möhüm ählumumy meseleler boýunça birnäçe wajyp halkara başlangyçlary öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde howpsuzlygy berkitmäge, ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge degişli meseleleriň giň toplumyny kesgitledi. Şolaryň hatarynda ulag-aragatnaşyk, energetika, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak we başga-da birnäçe ugurlarda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek boýunça başlangyçlary giň goldawa eýe boldy. Energiýa serişdeleriniň durnukly üstaşyr geçirilmegi, şeýle hem ulag geçelgeleriniň we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça guralýan ýokary derejedäki halkara maslahatlar, amala aşyrylýan toplumlaýyn işler bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalara şaýatlyk edýär. Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda ulag meselesi boýunça ählumumy dialogy ýola goýmak başlangyjy bilen çykyş edip, BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyny geçirmegi teklip etdi hem-de gurady. Milli Liderimiz dünýä ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam etjek üstaşyr ulag düzümlerini emele getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de olaryň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň başlangyjy bilen gurluşygyna badalga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda döwrebap ulag-üstaşyr logistik infrastrukturany çalt emele getirmek bilen baglanyşyklylykda, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän anyk işleri diňe bir milli ykdysadyýete däl, eýsem, ösüşiň sebitleýin ugurlaryna hem güýçli itergi berýär. Geografik taýdan amatly ýerleşen hem-de sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkez hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýan ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, bu ugurda ählumumy bähbidiň hatyrasyna özüniň uly mümkinçiliklerini özara parahatçylyk, ynanyşmak ýoly arkaly amala aşyrýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkara giňişlikde abraýynyň has-da artmagy, merdana halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Öregeldi DURDYBAÝEW,
welaýat gümrükhanasynyň «Galkynyş» gümrük nokadynyň müdiri, podpolkownik.
Beýleki habarlar