Bag — saglyk hem gözellik

9 Noýabr 2021
1313

Geçen hepdäniň şenbe güni döwlet Baştutanymyzyň asylly başlangyjy bilen ýylyň-ýylyna däbe öwrülen güýzki bag ekişlik dabarasyna badalga berildi. Bu çäräniň başy paýtagtymyzyň günortasynda tebigy täsinliklere baý Köpetdagyň eteginde tamamlaýjy gurluşyk işleri alnyp barylýan dana Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde başlandy. Umumy meýdany 153 gektar bolan medeni-seýilgäh toplumyň 13,5 gektaryna ýaş arça nahallarynyň 61 müň 200-den gowragy oturdyldy.

Milli Liderimiziň: «Biziň eken hem-de ýetişdiren her bir daragtymyz ata Watanymyzyň gülläp ösmegine goşantdyr» diýen watanperwer sözlerinden ruhlanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilen ýylynda pürli, miweli we saýaly agaçlaryň 30 millionyny ekmek meýilleşdirilipdi. Şolaryň 15 milliondan gowragy ýazky möwsümde oturdyldy. Güýzki bag ekişlik möwsüminiň ilkinji gününde bolsa toprak, howa şertlerine laýyklykda, paýtagtda we oňa golaý ýerlerde 1 million 835 müň 740 düýp, welaýatlarda hem 2 million 413 müň sany dürli görnüşli ýaş nahallar oturdyldy. Şol gün baglaryň düýbüni ýumşatmak, haşal otlardan arassalamak ýaly işler hem geçirilip, 3 million 590 müň 740 düýp baga ideg edildi.

Maksat UWDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar