Hoşniýetlilik we ynanyşmak — milli ýörelgämiz

9 Noýabr 2021
1274

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetliligi, dostanalygy ýaly milli ýörelgesi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň esaslary bolup durýar. Halkymyz hemişe parahatçylyk ýörelgelerinden ugur alýar. Sebitde, dünýäde parahatçylygyň merkeziniň gerekdigi baradaky pikirleri öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň hem-de ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanalýan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdan milli däp-dessurlary, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ata Watanymyz taryhy, ykdysady we geografik taýdan uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyz dünýä ýüzünde geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşip, söwda-ykdysady gatnaşyklarda möhüm orun tutýar. Şonuň ýaly-da, türkmen halky dünýäde hoşniýetli, dostana häsiýeti bilen asyrlarboýy uly abraýa eýe bolan halk hökmünde tanalýar. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen özara bähbitli syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleriniň giň gerime eýe bolmagynda uly ähmiýete eýedir.

Nursoltan HEZZIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar