Rowaçlygyň aýdyň ýoly

9 Noýabr 2021
1226

Garaşsyz Watanymyz bütin dünýäde ykrar edilen ylalaşdyryjy merkez, Bitarap döwlet hökmünde giňden meşhurdyr. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanmak bilen, köptaraplaýyn halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär. Ony döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli ösdürmek ugrundaky tagallalaryň gerimini barha giňeldýär.

Baky bagta eýe bolan türkmen halky parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini dünýä ýaýýar. Parahatçylyk ýoly türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň naýbaşysy. Mukaddes Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk — bu türkmen halkynyň goşa ganaty. Ynsanperwerlik, adalatlylyk, parasatlylyk, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklaryna belent sarpa goýmak, ygrarlylyk ýörelgeleri halkymyzyň aňyýetine, häsiýetine mahsus ýörelgelerdir. Paýhasly pederlerimiziň bu adalatly ýörelgeleri bu günki günde döwlet syýasatymyzda öz hakyky manysyna eýe bolýar. Hemişelik Bitaraplyk rowaçlyk, asudalyk, bagtyýarlyk, ebedi parahatçylykdyr. Parahatçylyk bolsa, ähli ösüşlerimiziň gözbaşydyr.

Arslan JANMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar