Buýsanjymyz — Bitaraplyk

8 Noýabr 2021
1217

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde her bir günümiz şanly wakalara, ösüş-özgerişlere beslenýär. Elbetde, ähli ýetilýän belent sepgitleriň özeninde ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine eýerýän daşary syýasatynyň aýratyn orny bar.

Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan Bitaraplyk halkymyzyň ýagty, röwşen geljeginiň özenidir. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana döwrüň, taryhyň islendik wagtynda hem uly hormat-sarpa goýulandygyny alamatlandyryp, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylyk dörediji merkezdigini tassyklaýar.

Maksat KAZAKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar