Parahatçylyk — ösüşiň gözbaşy

8 Noýabr 2021
1310

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda Türkmenistan iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Birleşen Milletler Guramasy halkara hyzmatdaşlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar.  Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň beýik münberinden öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary sebit we dünýä syýasatynyň möhüm ugurlaryny kesgitläp, halkara jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar.

Gahryman Arkadagymyz Bitaraplygyň ähmiýeti, onuň gadyr-gymmaty hakynda her bir çykyşynda yzygiderli nygtaýar. Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan ýörelgelere daýanýan eziz Diýarymyz dünýäniň we sebitiň döwletleri bilen deňhukukly, bir-birege ynanyşmak, sarpa goýmak ýaly asylly gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Türkmenistan sebitde we bütin dünýäde giň göwrümli we aýdyň maksatly işleri amala aşyrýar. Bu bolsa Türkmenistana halkara gatnaşyklarynda syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlary pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Wepa AKMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar