Owadan guş

8 Noýabr 2021
2992

Sülgünleriň dünýäde 125 görnüşi bolup, ýurdumyzda olaryň dört görnüşi duşýar. Daşky sypatyndan ýabany sülgün öý towugyny ýatladýanam bolsa, olardan sähel kiçiräk, guýrugy bolsa inçeden uzyndyr. Horazynyň sarydan gyzylymtyl-goňur reňki, inçeden uzyn guýrugy, çalymtyl, altynsow hem-de mawymtyl reňkli peri ýalpyldap, oňa owadan görk berýär. Agramy 2 kilograma çenli ýetýär. Sülgüniň mäkiýany kiçiräk we çalymtyl-çägesöw reňkde bolýar. Ownuk jandarlar we mör-möjekler, şeýle-de ösümlikleriň dürli bölekleri, tomzaklar, möýler, gurçuklar bilen iýmitlenýär.

Sülgün örän köpelgiçdir. Ol her gezekde 7-18, köplenç, 8-14 ýumurtgany basyp çykarýar. Jüýjeler peri biraz gatansoň, özbaşdak hereket edip we iýmitlenip başlaýarlar. 50 günden soň bolsa uçmagy başarýarlar. 4-5 aýlyk bolanlaryndan soň, olaryň göwresi uly guşlaryň derejesine ýetýär. Olar güýzüne süri bolup ýaşaýarlar.

Eneş MYRADOWA,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar