Bitaraplyk — buýsanjymyz

8 Noýabr 2021
1489

Halkymyzyň ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgeleri ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolup, erkin ösüş ýoluna düşenimizden soň, has kämilleşip, bitewi taglymata öwrüldi. Ol döwletimiziň daşary syýasatynda ugur alynýan esasy çelgidir. Hormatly Prezidentimiz: «Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly içeri we daşary syýasaty, amala aşyrýan oňyn özgertmeleri netijesinde Garaşsyz Türkmenistan Ýer ýüzünde hemişelik Bitarap döwlet hökmünde doly ykrar edildi we dünýä jemgyýetçiligi döwletimiziň bu halkara hukuk derejesine hormat goýýar. Birleşen Milletler Guramasynyň türkmen Bitaraplygyny iki gezek resmi taýdan ykrar etmegi halkymyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň müdimiliginden habar berýär.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, bize halkara ähmiýetli işlere ähli jogapkärçiligi duýmak arkaly gatnaşmaga, öz pikiriňi aýtmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasaty bilen dünýäniň ählumumy ykdysady ösüşine sazlaşykly goşuldy. Ýurdumyzda kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalar, iri taslamalar halkara ülňüleri nazarlaýar. Netijede, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanylýan üstünlikler biziň her birimiziň buýsanjymyzy artdyrýar.

Azat MYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar