Parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dabaralanýar

7 Noýabr 2021
1370

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýär. Ynsanperwer daşary syýasaty amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanadan, ylalaşdyryjy merkez hökmünde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň halkara abraýy barha beýgelýär.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnama kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen ilkinji döwlet biziň ata Watanymyz Türkmenistandyr.

Ogulnur ANNANEPESOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar