Bag ekseň — ömrüň baky

5 Noýabr 2021
1218

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyz Aşgabatda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bag nahallarynyň ýene-de millionlarça düýbi oturdylar. Mälim bolşy ýaly, 1-nji noýabrda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky iş maslahatynda bu möwsümde göz öňünde tutulan bag ekmek dabarasyna öz wagtynda taýýarlyk görmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty bu gün diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä giňişliginiň bähbidine gönükdirilen çäreleri hem öz içine alýar. Şunda arassa ekologiýa gurşawyny döretmekligi bu ugurda alnyp barylýan möhüm ähmiýetli işleriň hatarynda görkezmek bolar. Hut şu maksat bilen hem ýurdumyzda her ýylda ýaz hem-de güýz möwsümlerinde köpçülikleýin bag ekmek dabaralaryna badalga berilýär. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň, şol sanda ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň, welaýatlaryň häkimliklerine 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Munuň özi eziz Diýarymyzda arassa howaly daşky gurşawy döretmek ugrunda beýik işleriň amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Şu gün badalga berilýän ählihalk bag ekmek dabarasy hem bagtyýar halkymyzyň ata Watanymyzyň gülläp ösmegine we bagy-bossanlyga bürenmegine goşýan goşandynyň aýdyň görkezijisine öwrüler.

Agamyrat SAPAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar