Parahatçylyk söýüjilikli taglymat

5 Noýabr 2021
1503

Türkmenistanyň daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine eýermek bilen, onuň esasynda dünýä döwletleri bilen giň möçberli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýulýar. Häzirki wagtda ynamly öňe barýan we sazlaşykly ösýän ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň we dünýä bileleşiginiň ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegini öz içine alýan häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine bolan garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň ýakynlygy ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasy esasynda hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe boldy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara gatnaşyklaryň taryhynda ilkinji gezek şeýle Rezolýusiýanyň kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ykrar edilmegini alamatlandyrdy.

Allanazar MÜŇBAÝEW,
TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar