Hemişelik Bitaraplyk — parahatçylygyň ösüşli ýoly

4 Noýabr 2021
1389

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzat gymmatlygydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde at-abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde bolsa «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Kararnamasynyň gaýtadan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy.

Dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ýola goýlan gatnaşyklar täze many-mazmuna eýe bolýar. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary birleşdirmegiň merkezi bolan BMG-niň düzümleri we beýleki abraýly halkara guramalary bilen häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmäge döredijilikli gatnaşýar. Paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, şeýle-de ýurdumyzda halkara duşuşyklaryň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha giň gerime eýe bolýandygyny we onuň sebitde parahatçylygy berkitmekde netijeli orun eýeleýändigini tassyklaýar.

Eşret TÄŞLIÝEW,
 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar