Ählumumy abadançylygy nazarlap

3 Noýabr 2021
1370

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar. Bu ählumumy çäre Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde öz işine başlady. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 26-njy mejlisinde tutuş dünýäden döwlet we Hökümet baştutanlary duşuşyp, howanyň ählumumy maýlamagyna garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşyp, özara hereketleri ylalaşarlar.

Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň ählumumy foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň bu meselä örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň, adamzat üçin örän çynlakaý wehime garşy durmak üçin umumy, ylalaşykly çäreleriň kabul edilmeginiň derwaýysdygyna göz ýetirýändiginiň subutnamasydyr. Daşky gurşawy goramak meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adamlaryň ähli babatda abadan durmuşynyň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň wajyp ugrudyr.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar