Parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetlilik

3 Noýabr 2021
1276

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Ýurdumyz bu çözgüdiň başyny başlamak bilen, parahatçylygyň medeniýetini we birek-birege hormat goýmak esasyndaky dialogy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarda häzirki döwürde emele gelen ynanyşmagyň ýetmezçiligini aradan aýyrmak maksady bilen, uly halkara işi geçirdi. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerindäki çäreleri tamamlamak bilen, Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Häzirki döwürde çylşyrymly wezipeleri diňe dünýä bileleşigi bilen bilelikdäki tagallalar arkaly çözüp boljakdygyna düşünmekden ugur alyp, Türkmenistan Watanymyz dostlukly, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň tarapdary bolup durýar. Garaşsyz döwletimiz 26 ýyla golaý mundan ozal, daşary syýasatda oňyn Bitaraplyk ugruny saýlap aldy. Bu ugruň esaslary hökmünde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli ýurtlaryň we halklaryň birek-birege özara hormat goýmak kadalary, olaryň içerki işlerine, dawalara gatyşmazlyk, halkara harby guramalaryň we şertnamalaryň işine gatyşmazlyk kadalary bellenildi.

«Esger».
Beýleki habarlar