Baglarynda guşlar saýraýar
1929-njy ýylda döredilen Botanika bagy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durky täzelenip, 2020-nji ýylyň 25-nji maýynda — Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli halk köpçüligi üçin gaýtadan açyldy. Ol häzirki wagtda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň biri bolup durýar. 2019-njy ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli edilen bu merkez 18,5 gektar meýdany eýeleýär. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanalarynyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan Botanika bagynda tebigatyň gözelliklerini synlap, rahat dynç almak üçin ähli amatly şertler döredilendir.