Bagy-bossanly Diýarymyz!

3 Noýabr 2021
1269

Gülleýän, gül açýan gözel paýtagtymyzyň görküni has-da kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler günsaýyn täze belentlikleri nazarlaýar. Hut şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz 26-njy oktýabrdaky iş saparynda paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjeginde bolup, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Iş saparynyň barşynda milli Liderimiz beýik akyldar şahyryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşy, Aşgabadyň bagy-bossanlyga bürenmegi, paýtagtymyzda ýokary ekologiýa derejesiniň saklanmagy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçdi.

Bag ekmek işiniň ösüp gelýän ýaşlarda zähmetsöýerligi, bereketli topragymyza, onuň tebigy baýlyklaryna söýgini terbiýelemekde ähmiýeti diýseň uludyr. «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» ýaly ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimize eýerip, Gahryman Arkadagymyz kisloroda baý howany emele getirýän baglaryň, gülleriň, ösümlikleriň köpeldilmegine aýratyn üns berýär. Şoňa görä-de, 2021-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýp agaç nahaly oturdylar. 6-njy noýabrda bolsa ýurdumyzda güýzki bag ekmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa daşky gurşawyň has-da gözelleşmegine getirer. Şeýlelikde, arassa howany üpjün edýän tokaý zolaklarynyň giň meýdany dörediler.

Rejep BÄŞIMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar