Parahatçylygyň goragy taryhda

3 Noýabr 2021
1288

Eger-de haýsy şahsyýet taryha öz adyny ýazyp, beýgelen bolsa, onda ol Watan şöhratyna şöhrat goşup, öz Watanyny beýgeltmegiň netijesinde şeýle nesibä eýe bolandyr. Hormatly Prezidentimiz hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni bina edip, türkmen halkynyň täze taryhyny döretmek bilen, kalplarda we hakydalarda baky orun alýar. Milli Liderimiziň diňe bir öz halkymyzyň däl, eýsem, dünýäniň bähbidini nazarlaýan beýik işleri amala aşyrmagy, Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde ykrar edilen Liderdigini ýene bir ýola tassyklaýar. Üstümizdäki 2021-nji ýylyň hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy we onuň eziz Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy bilen utgaşykly bolmagynda hem uly many-mazmun bar.

Halkymyzyň parahat, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň esasyny dünýäniň asudalygy, parahatçylygy bilen utgaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri dünýä halklary tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Halkymyzyň parahatsöýüjilik, asudalygy goramak ýaly asylly ýörelgeleri öz gözbaşyny has gadymdan alyp gaýdýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Çünki biz taryha ser salanymyzda, ata-babalarymyzyň aňrujy parahatçylykly ýol bilen çözüp boljak meselelerde aňsat-aňsat ýaraga ýapyşmandyklaryny, dürli ýagdaýlarda döräp bilýän düwünleri asudalygyň, düşünişmek maksatly gepleşikleri geçirmegiň kömegi bilen çözmegiň tarapdary bolandyklaryny bilmek bolýar. Munuň şeýledigine, taryhda beýik Togrul begiň, Osman imperiýasynyň şalarynyň, Gowşut hanyň, Kyýat hanyň, Magtymguly hanyň, Keýmir serdaryň, şolar bilen birlikde Şükür bagşy, Amangeldi Gönübek ýaly taryhda at goýan şahsyýetlerimiziň bitiren nusgalyk işleriniň netijesinde gazanan diplomatik ýeňişleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Tagangül SEÝITMÄMMEDOWA,
Serdar şäheriniň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar