Bambuk tokaýlygy

1 Noýabr 2021
1333

Zeminiň ýüzüni synlanyňda, jadylaýjy täsir galdyrýan tebigy künjeklere diýseň baýdygyna göz ýetirýärsiň. Şolaryň biri hem «Sagano» diýlip atlandyrylýan bambuk tokaýlygydyr. 16 inedördül kilometr giňişlige ýaýylyp gidýän bu tokaýlyk Ýaponiýanyň Kýoto şäheriniň 10 kilometrlik günbatarynda, Araşiýama tebigy zolagyň çäginde ýerleşýär. Beýikligi 33 metre golaýlaýan ýaşyl bambuklaryň gür ýerleşen tokaýlygynyň içinden 500 metrlik ýoda geçýär.

Bambuk agajy, esasan, Günorta we Demirgazyk Amerika, Aziýa, Afrika yklymlarynda duş gelip, ini 80 santimetre, beýikligi 38 metre çenli ýetýär. Onuň 1200-e golaý görnüşi bolup, käbirleri biri-birinden düýpgöter tapawutlanýar. Çydamlylygy we berkligi bilen tapawutlanýan bu agaçlardan adamyň durmuşynda köp peýdalanylýandygyny hem bellemek gerek. Heniz boý almadyk nahallary iýmit, käbir görnüşleri dermanlyk hökmünde ulanylýan bambuk gurluşykda, dokmaçylykda, öý goşlaryny ýasamakda hem çig mal bolup hyzmat edýär.

Beýleki habarlar