Du­baý­da dün­ýä­de iň uly syn ediş te­ke­ri açyl­dy

31 Oktýabr 2021
1537

Du­baý­da dün­ýä­de iň uly syn ediş te­ke­ri açyl­dy. Be­ýik­li­gi 250 metr bo­lan bu att­rak­sion eme­li ada­da ýer­leş­ýär. Oňa «Du­ba­ýyň gö­zi» di­ýip at go­ýup­dyr­lar. Syn ediş te­ke­rin­de 48 ka­bi­na bo­lup, ola­ryň kä­bi­rin­de ka­fe­ler ýer­leş­di­ri­lip­dir. Olar­da bu ýe­re gel­ýän myh­man­la­ryň ar­ka­ýyn dynç al­ma­gy hem-de göw­ne­jaý na­har­lan­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­di­lip­dir. Şeý­le hem ka­bi­na­lar­da kon­fe­ren­si­ýa zal­la­ry, toý da­ba­ra­sy­ny gu­ra­mak üçin ýö­ri­te ýer­ler bar. Bu bol­sa «Du­ba­ýyň gö­zü­niň» myh­ma­ny­nyň ýe­tik bol­jak­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, syn ediş te­ke­ri gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da hyz­mat­da bo­lar we bir öw­rü­li­şi­gi 38 mi­nu­dyň do­wa­myn­da ama­la aşy­rar. 

Taýmuhammet TÜÝLIÝEW,
Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar