Hünärli elleriň kömekçisi

29 Oktýabr 2021
3288

Adamlaryň aň düşünjesiniň ösmegi, islendik haryda bolan gyzyklanmanyň artmagy dürli enjamlaryň oýlanylyp tapylmagyna getirdi. Bu tikin maşyny babatynda hem şeýle. Eýsem, tikin maşynlar özüniň gözbaşyny nireden alyp gaýdýarka?! Bulary bilmek, megerem, gyzykly bolsa gerek.

Egin-eşikleri el bilen tikmegiň mukdaryny azaltmak, şeýle-de tikiniň has ýerlikli düşmegi üçin tikin maşynyny döretmek iňlis alymlaryna başardýar. 1790-njy ýylda ilkinji tikin maşynyny iňlis inženeri Tomas Sent tarapyndan oýlanyp tapylýar. Tomasyň täze önümi üstünlikli mahabatlandyrylmandygy üçin meşhurlyk gazanyp bilmeýär. Ol tikin maşynyny deri we kanwas materiallaryny tikmek maksady bilen döredipdi. Çünki bu önümleri el bilen tikmek kynçylyk döredýärdi. Ilkinji tikin maşyny zynjyryň kömegi bilen çarhlaryň aýlanmagynda tikin işini amala aşyrýar. Tomasyň döreden tikin maşyny senagatda önümçilikde ulanylmasa-da, oýlap tapyşlaryň gözbaşy hasaplanylýar.

Çaryguly HANJAÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň magistranty.
Beýleki habarlar