Tämiz gurşaw — abadan durmuş

26 Oktýabr 2021
1586

Müňlerçe ýyllardan bäri, adamzat tebigatyň eçilen baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, onuň bilen sazlaşykly gatnaşyk saklamaga çalşyp gelýär. Şol ýörelge häzirki wagtda hem üstünlikli amal edilýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa, kämil tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, umuman, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde eden taryhy çykyşynda durnukly ösüşiň beýan edilen täze Gün tertibine Türkmenistanyň garaýşy barada aýdyp: «Bu meseleler häzirki döwürde adamzadyň öňünde duran möhüm wezipelerdir. Şol wezipeleriň esasy häsiýeti halkara bileleşigiň durnukly ösüşi sazlaşykly we toplumlaýyn esasda üç ugur boýunça, ýagny ykdysady, durmuş we ekologiýa babatda gazanmagyna gönükdirilendir» diýip belledi. Şeýle hem milli Liderimiz howanyň üýtgemeginiň we ekologiýanyň meselelerini çözmezden, Ýer ýüzüniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmagyň mümkin däldigini aýratyn nygtady.

Orazgeldi ATAÝEW.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti.
Beýleki habarlar