Şokolad reňkli depeler

25 Oktýabr 2021
1656

«Giňdir dünýä, geňdir dünýä» diýlişi ýaly, Ýer ýüzüniň dürli ýerleriniň dürli tebigy aýratynlyklary bar. Käbir ýerler gür tokaýlyga bürenen bolsa, köp ýerleri ümmülmez sähralyklar gurşap alýar. Buzluklar bilen örtülen ýerleriň bolşy ýaly, ýylyň her paslynda ýagyş ýagýan ýerler hem bar. Tebigy hadysalar dürli geografik şekilleriň emele gelmegine sebäp bolupdyr.

Ýer ýüzüniň täsin ýerleriniň biri hem Filippinlerdäki şokolad depeleri hasaplanýar. Ýurduň Bohol adasyndaky bu alaňlaryň ählisi birmeňzeş ululykda bolup, şokolad ýaly goňur reňki bilen tapawutlanýar. Bu ýerde dünýäniň hiç bir ýerinde gabat gelmeýän 1200 depe bolup, ol 50 kwadrat kilometrden gowrak meýdany eýeleýär. Depeleriň iň beýigi 120 metre barabar. Bu ýerleriň mundan millionlarça ýyl ozal suw bolandygy belli bolsa-da, olaryň nähili dörändigi entek syrly bolmagynda galýar. Olaryň wulkan partlaýyşlary ýa-da eroziýa netijesinde dörändigi çaklanylýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen depeleriň üstündäki otlar ýylyň gurak paslynda gurap, şokoladyň reňkini alýar. Şol sebäpli-de olara şeýle at berlipdir. Bu depeleri görmek üçin her ýyl müňlerçe adam Filippinlere syýahata barýar.

Nurmämmet NUROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar