Parahatçylyk — hoşniýetli gatnaşyklaryň ýoly

12 Oktýabr 2021
1555

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bu beýik we buýsançly döwürde ýurdumyzyň daşary syýasy abraýy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly durmuşa geçirýän il-halk, dünýä ähmiýetli işleri netijesinde has-da beýgeldi. Syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer gatnaşyklarynda, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, saglygy goraýyş ulgamynda iňňän uly ösüşler gazanyldy. Ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalara özüniň uly goşandyny goşmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde birnäçe umumadamzat bähbitli teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Mermer paýtagtymyz parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Eziz Diýarymyzyň baky Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine kuwwatly itergi berdi. Ýurdumyz taryh üçin örän gysga möhletde halkara arenasynda özboluşly daşary syýasatyny durmuşa geçirýän döwlet hökmünde özüni ykrar etdirdi. Munuň özi halkara gatnaşyklaryň bedew bady bilen ösýän häzirki şertlerinde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň örän uly ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi dünýäde parahatçylygy ösdürmäge, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge giň mümkinçilikdir.

Gölbaý GYLYJOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar