Ählumumy ösüşiň möhüm ugurlary

12 Oktýabr 2021
1643

Hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasaty ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýäniň giň goldawyna eýe bolýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly eden taryhy çykyşynda dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa we beýleki möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça döwletimiziň ileri tutýan ugurlaryny we anyk başlangyçlaryny beýan etdi.

Batyr ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň orunbasary.
Beýleki habarlar