Parahatçylygyň we abadançylygyň aýdyň ýoly

10 Oktýabr 2021
1465

Türkmen halkynyň taryhy ýörelgelerine we milli däp-dessurlaryna doly laýyk gelýän ýol bolan parahatçylyk söýüjilik bu gün dünýäde ykrar edilýär. Parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiziň dabaralanmagynda baky Bitaraplygymyzyň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmeniň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen müdimilik ýazylyp, halkymyzyň beýik buýsanjyna öwrüldi. Türkmenistan parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek meselelerinde dürli halkara guramalary, esasan hem, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň netijelidigine, dünýä üçin ähmiýetlidigine esaslanylyp, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk ýörelgelerine daýanylýar.

Baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde milli ösüşiň gazananlary bilen dünýä meşhurdyr. Ýurdumyz parahatçylygyň belent maksatlarynyň hem-de ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeldýär. Ähli ulgamlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Eziz Diýarymyzda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy özüniň oňyn netijesini berýär.

Baba MYRATBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.
Beýleki habarlar