Belent maksatly menziller

5 Oktýabr 2021
1602

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň ösüş-özgerişlere we toý-baýramlara beslenýän zamanasy bolup, göwünleri galkyndyrýar. Eziz Diýarymyzda dabaraly bellenilip geçilýän şanly wakalaryň mysalynda munuň hakykatdan hem şeýledigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Durnukly ösüşiň belent maksatlaryny nazarlaýan şöhratly zamanamyzyň her ýyly, her bir aý-güni şanly wakalara beslenýär. Bu buýsandyryjy hakykat ajaýyp döwrümiziň bagtyýarlyk döwri bolup, agzybir jemgyýetimiziň bagtyýarlygyň, abadan döwletimiziň berkararlygyň eýesidigini bütin dünýä ýaýýar.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetliligi, dostanalygy ýaly milli tejribesi ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň ruhy esaslary bolup durýar. Halkymyz hemişe şol ýörelgelerden ugur aldy. Sebitde, dünýäde parahatçylygyň merkeziniň gerekdigi baradaky pikirleri öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekmegi başardy. Şeýlelikde, dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň hem-de ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanalýan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdan milli däp-dessurlary, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Tawus HOJANEPESOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar