Belent maksatlar rowaçlanýar

23 Sentýabr 2021
1592

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzy ösüş-özgerişlere besledi, belent üstünlikler bilen göwünleri galkyndyrdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzda dabarasy dag aşýan şanly wakalar munuň hakykatdan hem şeýledigine şaýatlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan beýik işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň adyny arşa çykarýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, goňşy we beýleki döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň çäklerini barha giňeldýär. Ýurdumyzyň dünýäde deňhukukly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary üçin açykdygyny, şeýle hem Bitaraplyk ýörelgelerini, ynsanperwerligiň aýdyň maksatlaryny, adalatlylygy, birek-birege hormat goýmagy ykrar etmegiň hatyrasyna mundan beýläk-de uly işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny nygtamak bilen, Gahryman Arkadagymyz häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini çözmekde BMG bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.

Patyşaguly GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallym-öwrenijisi.
Beýleki habarlar