Tebigatyň bezegi bolan ösümlik dünýäsi endemik, seýrek we gadymy görnüşli bolup, dermanlyk, iýmitlik, bezeg, boýag häsiýetli ösümlikler biziň daş-töweregimizi gurşap alýar.
Gadymy döwürlerden bäri adamlar daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata, suwa, topraga uly sarpa goýup, bagy-bossanlygy keramatly hasaplapdyrlar. Diýarymyzda ösýän dürli ösümlikler öz düzüminde adam bedenine peýdaly biologik işjeň maddalary saklaýar. Ýurdumyzda has ähmiýetli ýabany ösýän dermanlyk ösümlikleriň biri tikenli göýüldir.