Adam bir ýaşar, edebi — iki

20 Sentýabr 2021
1520

Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlaryny ilhalar derejede terbiýeläp ýetişdirmekde millilik ýörelgelerini görelde, nusga edinmegi, her bir işde päk ahlaklylygyň hem-de halallygyň şamçyrag bolmagyny ündeýär. Türkmen ýaşlary merdana ata-babalarymyzyň ynsanperwer, hoşniýetli ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmelidirler, milli, ahlak-ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmalydyrlar. Munuň özi ýaşlaryň watansöýüji, ilhalar, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin örän zerurdyr.

Adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde nesil terbiýesi her bir maşgalanyň, milletiň, döwletiň baş wezipesi, esasy aladasy hasaplanylýar. Parasatly pederlerimiz bu ugurda baý durmuş tejribesini toplapdyrlar. Ata-babalarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde toplan şol gymmatly tejribesi bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär.

Beýleki habarlar