Parlamentara aragatnaşyklarda Bitaraplygyň ähmiýeti

16 Sentýabr 2021
1634

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýlen ynsanperwer şygar astynda durmuşa geçirilýän işler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da kämilleşdirmäge, döwletiň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagyna, kämil raýat jemgyýetiniň kemala gelmegine döwrebap şertleri döredýär. Milli durmuş ýörelgelerine sarpaly, şu gününe guwanýan we geljegine ynamly halkymyz bu günki günde agzybirlikde çekýän zähmetiniň hözirini görüp ýaşaýar. Ýetilen sepgitlere, geljege nazar salmak bilen amala aşyrylmaly wezipeleriň anyk kesgitlenmegi we olaryň durmuşa geçirilmegi üçin öz wagtynda zerur şertleriň döredilmegi her bir adamyň ruhubelentlik bilen zähmet çekmegine, netijede bolsa maksadalaýyk netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

2021-nji ýyl Türkmenistan Watanymyz üçin aýratyn ähmiýetli ýyllaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen BMG tarapyndan 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Mähriban Diýarymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň daşynda agzybirlikde jebisleşen halkymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.

Merdan TUWAKOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar