Türkmen tebigaty özüniň gözelligi, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Baglar biziň tebigatymyzyň bezegi bolup, birnäçe peýdaly taraplary bilen häsiýetlidir. Agaçlar biziň köçelerimiziň, seýilgählerimiziň bezegi, şeýle-de şäheriň binagärlik aýratynlygy bilen sazlaşykly utgaşýar.
Baglar diňe bir bezeg häsiýeti bilen tapawutlanman, olar ekologik, oňaýly daşky gurşawy emele getirmekde hem ähmiýetlidir.