Türkmenistan parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň ösüş ýolunda

15 Sentýabr 2021
1435

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn we döredijilikli syýasaty ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gözbaş almak bilen, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary tarapyndan doly goldanylýar. Garaşsyz döwletimizde 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyzda sebitiň we dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasaty bu gün yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine pugta eýermek bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Munuň şeýledigine dünýä döwletleri bilen şu günki ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklarymyz hem doly şaýatlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň sebit, yklym we dünýä derejesinde halkara parahatçylygyny, abadançylygy we ynanyşmagy has-da ilerletmäge gönükdiren başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde gurama agza döwletler tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynda öz beýanyny tapdy. Dünýäde iň abraýly, halkara parahatçylygyny we abadançylygyny üpjün etmekde esasy halkara ygtyýarlyklaryna eýe bolan bu gurama bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy ýurt Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan berk ýola goýuldy. Gurama bilen hyzmatdaşlyk ýyllary içinde, hususan-da, hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine saýlanan ilkinji günlerinden başlap ýetilen sepgitler uly ähmiýete eýe bolmak bilen, dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we özara ynanyşmagy berkitmäge we ösdürmäge gönükdirilen asyrlara barabar işler amala aşyryldy.

Mährijemal HALMYRADOWA,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar