Ynanyşmak - parahatçylygyň binýady

14 Sentýabr 2021
1766

Hoşniýetlilik, birek-biregi goldamak, parahatçylyk söýüjilik ýaly ynsanperwer ýörelgeler türkmen halkynda nesilden-nesle geçip dowam edip gelýär. Her bir adamyň we tutuş jemgyýetiň bähbitlerini özünde jemleýän hoşniýetli ýörelgeler halkymyzyň milli aýratynlyklaryny häsiýetlendirýär.

Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz ata Watanymyz üçin baky bagtyň buşlukçysy boldy. Özi hem ol belli bir wagt bilen çäklendirilmedik, hemişelik bagt. Baky Bitaraplygy halkymyzyň milli ýörelgelerinde bar bolan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik häsiýetleriniň esasynda dörän gudrat hasaplamak bolar. Parahatçylygy dörediji diýlip ykrar edilmek, onda-da dünýä derejesinde ykrar edilmek — bu örän uly dereje. Gahryman Arkadagymyz bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan baky Bitaraplygymyzyň döwletleri we halklary doganlaşdyrýan gudratdygyny belleýär.

Aýnur ESENAMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň öwreniji mugallymy.
Beýleki habarlar