Beýik işleriň beýany

8 Sentýabr 2021
1491

Hemmämize mälim bolşy ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabyny ýazyp tamamlap, halkymyza peşgeş berdi. Ýatdan çykmajak baýramçylyk sowgadyna öwrülen bu ajaýyp kitapda türkmen Bitaraplygynyň nusgalyk aýratynlyklary, parahatçylyk söýüjilik ýoluna eýerýän ata Watanymyzyň mizemez binýady çäksiz buýsanç bilen bellenilýär. Kitapda hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerimiziň diňe bir taryhy ýagdaý bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geljegi nazarlamakda-da belent derejedigi eseriň düýp mazmunyny düzýär. Kitaby okanymyzda, taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan şanly ýeňişlerimize, parahatsöýüjilikli ýol-ýörelgeleri tug edinen ata-babalarymyza bolan buýsanjymyz has-da artýar.

Her bir halkyň taryhynda ykbal kesgitleýji belent maksatlar bolýar. Şol maksatlary hem halkymyzyň agzybirliginde, parahatçylygy, dost-doganlygy ýaran edinmek ýaly ýagşy gylyk-häsiýetlerinde görmek bolýar. Taryha ser aýlanymyzda, halkymyz her müňýyllykda täze-täze ýeňişlere eýe bolupdyr. Kitapda ýurdumyzyň taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan özara düşünişmek, dostana gatnaşyklary berk ýola goýandyklary hakynda gyzykly maglumatlar berilýär. Eserde hemişelik Bitaraplygyň taryhy ähmiýeti, häzirki zamanda ýeten derejesi aýdyňlygy bilen açyp görkezilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Halkymyzda «Owal akan ýerinden akarmyş aryk» diýlip ýöne ýerden aýdylmaýar. Geçmişde beýik döwletler guran türkmen halkymyz ýene öz döwletiniň at-abraýyny dünýä doldurýar. Geçmişde adamzada beýik ýol-ýörelge görkezen türkmen halkymyz ýene şol gadymy hem nurana ýoluny täze döwre görä dowam etdirýär» diýip, diýseň jaýdar pikirleri öňe sürýär.

Ýolaman GURBANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar