Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we hoş­ni­ýet­li­li­giň nusgasy

7 Sentýabr 2021
1768

Hä­zir­ki bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da uly ösüş­le­re eýe bol­ýa­rys. Ýur­du­my­zyň dür­li pu­dak­la­ryn­da, eziz Di­ýa­ry­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de ga­za­nyl­ýan ösüş­ler, be­lent üs­tün­lik­ler hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Şo­nuň üçin hem hal­ky­myz bu asu­da we pa­ra­hat dur­mu­şa, bag­ty­ýar­lyk döw­rü­mi­ze çuň­ňur ýü­rek­den buý­san­ýar­lar. Şeý­le bag­ty­ýar­ly­gy­myz, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýo­lu­myz bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu gün Türk­me­nis­tan pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji ýurt hök­mün­de dün­ýä­de giň­den ta­nal­ýar. Mu­nuň özi «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­ny ýö­red­ýän ýur­du­my­zyň dün­ýä döw­let­le­ri bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

«Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» at­ly şy­gar as­tyn­da geç­ýän 2021-nji ýyl­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy hem uly ösüş­le­re bes­len­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de iş­jeň ös­dü­ril­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­si­niň kök­le­ri türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my ta­ry­hyn­dan gözbaş alýar. Şo­nuň üçin hem türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän asyl­ly ýö­rel­ge­si döw­re­bap ös­dü­ril­ýär we dün­ýä ýa­ýyl­ýar.

Ogul­ke­ýik GIR­MA­ÝE­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.
Beýleki habarlar