Bagtyýarlygyň röwşen ýoly

5 Sentýabr 2021
1662

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan durnukly ösüşiň aýdyň ýolunda belent üstünliklere eýe bolýar. Şeýle beýik ösüşleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiz binýat bolup durýar.

1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy okuw sapagyny geçirdi. Umumy okuw sapagynda hormatly Prezidentimiz agzybirligiň, dostlukly gatnaşyklaryň halkymyzyň hoşniýetli häsiýetleridigini paýhasly belledi. Adamzat gatnaşyklarynyň binýady bolan hoşniýetlilik, ynsanperwerlik türkmen halkynda nesilden nesle geçip, gadymdan gelýän milli ýörelgelerimizdir. Her bir ynsanyň hem-de tutuş jemgyýetiň bähbitlerini özünde jemleýän hoşniýetli, ynsanperwer ýörelgeler türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryny hem-de gymmatlyklaryny şöhlelendirýär. Ýeri gelende eziz Diýarymyzyň parahatçylygy we ynanyşmagy öňe sürýän baky Bitaraplyk syýasaty tarapyndan şeýle ynsanperwer kadalaryň ýaýbaňlandyrylmagy dünýäniň jemgyýetçilik gatnaşyklaryna bahasyna ýetip bolmajak oňyn täsirleri ýetirýändigini buýsanç bilen belläp geçmegimiz gerek.

Güljahan ÝALKAPOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar