Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde ileri tutýan garaýyşlary

2 Sentýabr 2021
1539

Daşaty işler ministrligi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda öz işine başlajak nobatdaky 76-njy mejlisinde ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi. Mejlise taýýarlyk görmek maksady bilen, DIM-de degişli işler amala aşyrylýar. Bu möhüm resminama hormatly Prezidentimiziň baş pikirleriniň we teklipleriniň esasynda taýýarlanyldy hem-de birnäçe esasy ugurlary özünde jemleýär.

Şolaryň biri ählumumy howpa – täze görnüşli howply ýokanç keseline garşy göreşmekde hem-de şonuň ýaýramagy bilen ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmakda halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny berkitmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň ozal öňe süren başlangyçlaryny we anyk tekliplerini durmuşa geçirmek boýunça işler ýerine ýetiriler. Şolaryň arasynda ylmy diplomatiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, BSGG-niň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak, BSGG-niň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin ýörite maksatnamany düzmek, BSGG-niň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek hem-de Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini döretmek teklipleri bar.

Beýleki habarlar