Parahatçylygyň nysgalyk ýoly

29 Awgust 2021
1664

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere, belent üstünliklere eýe bolýar. Dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny ýöredýän eziz Diýarymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işler abadançylygy we ösüşi üpjün edýär. Bu bolsa parahatçylyk we ynanyşmak esasynda ýurdumyzda we bütin dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan ýörelgeleriniň maksadaokgunly, yzygiderli we anyk durmuşa geçirilýändigine doly şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz ylmy taýdan esaslandyrylan, milli özboluşlylygy hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen parahatçylyk ýörelgesini has-da ösdürýär, pugta durmuşa ornaşdyrýar.

Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýäniň ähli ýurtlary bilen syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ugurlary özünde jemleýär. Şunda goňşy döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklar ileri tutulýar. Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň ençemesi bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýokary derejede alyp barýar.

Artyktäç MEREDOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar