Bitaraplyk — parahatçylygyň täze pelsepesi

24 Awgust 2021
1592

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen rowaçlanýan gatnaşyklar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk türkmenistanlylaryň her birini buýsandyrýar. Türkmen döwletiniň ösüşlerine, özgerişlerine badalga berýän, il-ulsumyzyň abadan durmuşda, bolelinlikde ýaşamagyny gazanýan milli Liderimiziň umumadamzat bähbitlerinden, parahatçylyk söýüjilikden we ösüşlerden gözbaş alýan oňyn başlangyçlary halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkidýär. Türkmen halkynyň esasy ýörelgeleriniň biri hökmünde alysdaky dostlar we ýakyn goňşular bilen hoşmeýilli gatnaşyklar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha ösdürilýär.

Türkmenistanyň Garaşsyz bolan gününden bäri geçen taryhy ýoly we alyp baran daşary syýasaty onuň Bitaraplyk ýoluna ýuwaş-ýuwaşdan hem-de oýlanyşykly gelendigini görkezýär. Munuň özi özakymlaýyn däl-de, akylly-başly gelişdir. Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň esaslary öz wagtynda çuňňur işlenilip geçildi. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Birleşen Milletler Guramasy biziň ýurdumyzda, şeýle-de tutuş sebitde hakyky ýagdaýy öwrenmek maksady bilen jikme-jik seljerme işlerini geçirdi. Bularyň hemmesi dünýä jemgyýetçiliginiň biziň Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmegi üçin anyk şertleri döretdi». Bu şertleriň döremegine bolsa türkmen halkyna mahsus bolan döwletlilik ýörelgeleri, döwlet syýasatymyzyň özenini düzýän ynsanperwerlik, adyllyk, dostanalyk, özara bähbitlilik ýaly häsiýetler sebäp boldy.

Gülsere KUŞAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar