Ýaşaýşyň özeni

16 Awgust 2021
1251

Daglaryň belent gerşine çykyp ýa-da uzak menzillere uçup barýan uçaryň üstünden zemini synlanyňda, dünýäniň şeýle bir giňdigine hem geňdigine şaýat bolýarsyň. Ýer togalagynyň üçden iki bölegini çyrpynyp ýatan ummanlar, deňizdir derýalar, umuman, ümmülmez suw giňişligi tutýar. Aslynda, tebigat ozalyndan hemme zady juda sazlaşykly ýaradypdyr.

Hemme zadyň düzüminde suw bar. Adam bedeniniň hem 65 göterimini suw tutýar. Suw bu ýaşaýşyň iň bir möhüm serişdesi hasaplanylýar. Adamlaryň aglabasy derýa-deňizleriň kenarynda dynç almakdan, güýçli akýan derýalaryň tolkunyny synlamakdan lezzet alýar.

Atanyýaz HANGELDIÝEW.
Türkmenabat şäheri.
Beýleki habarlar