Ýaşyl daraklyk

16 Awgust 2021
1111

Ýaşyl daraklyk Çökgarlak şekilliler toparynyň daraklyklar maşgalasyna degişli guşdur. Ýylyň gelşine baglylykda aprel aýynyň ortalaryna ýa-da maýyň başlarynda Afrikadan we Aziýanyň günorta böleginden uçup gelýärler. Jübütleri aýan bolandan soň, ilatly ýerlere ýakynrak akabalaryň, derýalaryň gyralaryndaky kertlerde, kä ýerlerde tekizliklerde uzyn çüňkleri bilen topragy keseligine köwüp, penjeleri bilen bolsa topragy daşary çykarýarlar. Olar 1 metr çemesi uzynlykda hin gazýarlar, mäkiýany bolsa ýumurtga basyrar ýaly hininiň aňry gyrasyny giňişräk edýärler. Guşlaryň käbirleri geçen ýylky hinleriniň içlerini arassalap, şol ýerde köpelýärler. Mäkiýany 6-8 sany ýumurtga guzlandan soň, basyp ýatýar. 20-21 günden tüýsüz etene jüýjeleri çykyp başlaýar. Olary mäkiýany horazy bilen bilelikde iýmitlendirýärler.

Ýaşyl daraklyklar yssy howada uçmagy halaýarlar. Gowaçalaryň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň üstünden ýapyrylyp uçup, mör-möjekleri uzyn çüňkleri bilen tutýarlar. Soňra birdenem ýokary galyp, howada gaýyp, iýmitini ýuwudýar. Olaryň köpüsi ýakyndaky elektrik geçirijileriň simlerine, ösümlikleriň guran şahalaryna, käwagtlar ýere gonup, mör-möjekleriň uçýan ugurlaryny kesgitleýär. Uçup barýan oljasynyň yzyndan ýokary tizlikde ýetip, inçe çüňkleri bilen gapjap, gelip sime gonýar we çüňki bilen sime urup, awunyň neşterli art tarapyny aýryp, soň ýuwudýar. Aýratyn-da howanyň bulutly we şemally günleri asmanda ýeliň garşysyna ganatlaryny gerip, aw awlamagy halaýarlar.

Ýaňybaý ROZYKULYÝEW,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar