Ýaldyrak dogdy...

12 Awgust 2021
1478

Türkmenleriň milli senenamasy boýunça şu gün — awgust aýynyň 12-sinden Ýaldyrak döwri başlanýar. Asmanda Ýaldyrak ýyldyzy görnenden soňra şol günden başlap, howada mese-mälim üýtgeşmeler ýüze çykýar. Aýratyn hem Ýaldyrak dogjak bolanda howanyň birden aşa gyzmagy tomsuň iň soňky hoşlaşyk hüjümine meňzeýär. Muňa eždatlarymyz «Ýaldyragyň ýangyny» diýip at berýärler. Asmanda Ýaldyrak görnerem welin, bir salkynjak şemal ýüzüňi sypalap geçer. Säher bilen ekin-dikinlere syn etseň, buldurap duran çyg damjalaryna gözüň düşer. Ýapraklary ýazylyp, eýýäm täzeje öser çykaryp, gök öwsüp başlandyr. Ir oýanýan guşlar bolsa şol çyg damjalaryndan ganyp, birgeňsi owaz edýändirler. Ine, bu Ýaldyragyň dogmagy bilen tebigatda ýüze çykyp başlaýan ilkinji üýtgeşmeler. «Ýaldyrak dogandan soň, keýik suwsamaz» diýmek bilen, ata-babalarymyz tebigatda nemiň köpelip başlaýandygyny duýupdyrlar. Şonuň üçin çarwalar mallaryny guýudan daşrak, uzak örä sürüp başlaýarlar. Daýhanlar bolsa giçki, güýzlük ekinleriň ugruna çykýarlar.

Ýaldyrak dogandan soňra gowaçanyň idegini has-da güýçlendirýärler. Sebäbi hut şu döwürde gowaçanyň hasyl elementleriniň emele gelşi we ösüşi çaltlanýar. Şonuň üçin daýhanlar bu döwri «Hasyla hasyl goşulýan döwür» diýip atlandyrýarlar. Ýaldyrak döwri Mizana, ýagny 23-nji sentýabra çenli dowam edýär. Kyrk günläp dowam edýän bu döwrüň özboluşly aýratynlyklary başga-da az däl. Olardan ussatlyk bilen peýdalanan ata-babalarymyz mydama tebigat bilen düşünişip, sazlaşykly ýaşamagy başarypdyrlar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar