Gezsem, dünýäni görsem

26 Iýul 2021
2286

Janly tebigatyň milli muzeýi

Gözel paýtagtymyzyň golaýynda ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýi 2010-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Täsin künjek dört bölege bölünip, onuň gündogar böleginde Afrika sawannasy, ýyrtyjy haýwanlar, günbatar böleginde bolsa toýnaklylar we guşlaryň mekany ýerleşýär. Güneşli ülkämiziň tebigatynda duş gelýän ýabany haýwanlar bilen bir hatarda, bu ýerde balyklaryň köpdürli görnüşleri saklanylýan akwariumlar, terrariumlar, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden getirilen seýrek duş gelýän jandarlar görenleri haýran galdyrýar. Bu ýerde diňe bir täsin haýwanat dünýäsi bilen tanyşdyrylman, eýsem, haýwanlaryň eldekileşdirilmegi, ýerli howa şertlerine uýgunlaşmagy, köpelmegi ugrunda hem hünärmenler tarapyndan örän uly tagallalar edilýär. Ýaşlarda tebigata söýgini döretmekde, ýabany jandarlaryň köpeldilmegi babatda hem Janly tebigatyň milli muzeýi örän möhüm ähmiýete eýedir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar