«Aşgabat-siti» — geljegiň şäheri

11 Iýun 2021
1241

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy bilen goşalanyp gelen ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly senesi ýurdumyzda giň gerimde, döwlet derejesinde geçirilen iri çäreler bilen dabaralandyryldy. 25-nji maýda — Aşgabadyň gününde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulmagy we täze ýaşaýyş jaý toplumynyň ulanylmaga berilmegi baş şäherimiziň şöhratly senesiniň şanyna şan goşan wakalaryň biri boldy.

«Şäher içindäki şäher» ýörelgesi boýunça bina ediljek bu ägirt uly toplumyň meýdany 744 gektar bolup, onda dürli maksatly desgalardyr binalaryň 240-dan gowragy bolar. Şolaryň hatarynda etrap häkimligidir beýleki edara binalary, çagalar baglarydyr umumybilim berýän orta mekdepler, medeniýet öýi, sport toplumy, köpugurly hassahana, saglyk öýleridir söwda-dynç alyş merkezi, dükanlardyr naharhanalar, toý mekany, köp gatly awtoduralgalar, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň binalary, «Türkmenbaşy» hem-de «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalary bar. Türkmenistanyň tejribesinde ilkinji gezek 35 gata çenli belentlikdäki ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy bu täze şäheriň esasy aýratynlygydyr. Taslama laýyklykda, bu ýerde 107 müňden gowrak ilata niýetlenen 12 — 35 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 180-sini gurmak göz öňünde tutulýar.

Perman HALMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar